Ýurdumyzda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny, onuň amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýär we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamagyň hem-de ony durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kabul edilen Kanunyň esasy maksady döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, maddy, maliýe we intellektual hem-de ylmy-tehniki serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmekden ybaratdyr.
Şeýle-de bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, infrastrukturanyň obýektleriniň ösdürilmegi boýunça taslamalary, meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin býüjetden daşary çeşmelerden serişdeleri çekmek bolup durýar.
Durmuş-hususy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgelerine, ýagny kanunyň hökmürowanlygy, ynsaply bäsleşik, ykdysady işiň düzgünleşdirilmeginiň durmuş ugurlylygy, döwlet-hususy hyzmatdaşlaryň deňhukuklylygy, daşky gurşawy goramak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň netijeliligi ýaly ugurlar degişlidir.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup, olar ykdysady ösüşi höweslendirmekden we ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekden, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekden, durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele getirilmegine, dikeldilmegine, ulanylmagyna we saklanylmagyna ýardam bermekden hem-de ony ulanylmagynyň we oňa hyzmat edilmeginiň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şeýle-de döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak hem-de olaryň elýeterliligini giňeltmekden, daşary ýurt maýa goýumlaryny hem goşmak bilen, hususy bölegiň maliýe serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýän şertleri döretmekden hem-de bular babatynda ylmy barlaglaryny, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy döwlet tarapyndan goldanylmagyndan ybarat bolup durýar.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatynda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenendir.
Ygtyýarly edara özüniň ygtyýarlygynyň çäklerinde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrýar, maksatnamalary işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga gatnaşýar, taslamalar taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende utgaşdyrylmagyny üpjün edýär, usulýet resminamalaryny, gollanmalary we gözükdirijileri taýýarlaýar we tassyklaýar, maýa goýujylar, halkara guramalary we beýleki gatnaşyjylary bilen özara hereket etmegi guraýar.
Şeýle hem, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň tehniki-ykdysady ölçeglerine seredýär we düşünjeleri berýär, birkysymly ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp düzýär we bellenilen tertipde tassyklaýar hem-de taslamalaryň Sanawyny ýöredýär, hünärmenleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmagy guraýar, degişliligi boýunça düşündirişleri berýär, monitoringi amala aşyrýar he-de bilermen maslahatçylary çekýär. Şeýle-de kanunçylyga laýyklykda, gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
Döwlet hyzmatdaşy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplarynyň gol çeken hasabatyny ygtyýarly edara berýär. Hasabatyň görnüşi, ony bermegiň tertibi we möhleti Ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
Gülbahar Täçgulyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Teswirler