Aşgabadym – waspyň etsem şygrymda

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Hudaýberdiýew Aýmyrat ,,Aşgabadym – waspyň etsem şygrymda’’ atly döredijilik bäsleşigine öz goşgularyny hödürleýär. (Jemi: 16 goşgy)

AŞGABADYM WASPYŇ ETSEM ŞYGRYMDA

Aşgabadym waspyň etsem şygrymda,
Ony söýdügimçe söýesim geler.
Öçmez duýgy ýaşaýar bu kalbymda,
Sen deý gözel şäher ýok bolsa meger.

Aşgabadym waspyň etsem şygrymda,
Ýazdygymça joşýar ýene ylhamym.
Aziýanyň ak merjeni bolandyr,
Buýsanýandyr bagta dolup gursagym.

Aşgabadym waspyň etsem şygrymda,
Arkadagym gülletdi bu şäheri.
Özgerdi has bagtyýarlyk döwründe,
Arassadan dury tämiz säheri.

Aşgabadym waspyň etsem şygrymda,
Aşyklaryň şäheridir paýtagtym.
Ak binalar, ak desgalar guruldy,
Gözüňe nur bolup salyp dur ýalkym.

Aşgabadym waspyň etsem şygrymda,
Gülle sen ýaşa sen gözel şäherim.
Jennetim sen ýer ýüzünde ömrümde,
Ýene sen hakynda goşgy goşaryn.

***

BUÝSANJYM SEN AŞGABAT

Ýaşyl öwser bag-bakjasy baglary,
Penalap dur ol gojaman daglary,
Mahmal şemal öwser bahar ýazlary,
Göz guwanjym buýsanjym sen Aşgabat.

Seýil edip myhman geler goýnuňa,
Şaýat bolar 140 ýyllyk toýmuza,
Goý ýene ömür goşulsyn ömrüňe,
Gülle sen, gül aç sen, ýene Aşgabat.

Arkadagym yhlasyny siňdirip,
Özgertdi saňa söýgüsin bildirip,
Özge ýurtlar ösüşiňi geň görüp,
Geň galarlar ýüze sylyp Aşgabat.

Adyň ýaşar asyrlardan ýol aşyp,
Bagt taparlar juwan aşyklar duşup,
Şahyryň ýüregi buýsançdan joşup,
Waspyň eder goşgy bilen Aşgabat.

140 ýaşyň bellär türkmen milleti,
Duýar sende her kim gadyr-gymmaty,
Biziň üçin sen jahanyň jenneti,
Ýaşa sen gülle sen gözel Aşgabat.

***

AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Garaşsyz Bitarap ýurduň sen göwheri ýüregi,
Seni synlap görmek bolar ösüşleriň özeni,
Ata-babalarymyzyň hasyl boldy dilegi,
Ak ýollaryň ýagty salar nuryn çaýyp Aşgabat.

Sende duýmak bolar bagty, buýsanç bilen guwanyp,
Saňa ilki seýran eden, geler ýene dolanyp,
Arkadagyň zähmedinden ösýäň ýene boý alyp,
Aziýanyň merjeni sen, ak şäherim Aşgabat.

Bagtyýardyr ulus ilim çagajyklar oýnaýar,
Gujagyňda ençe aşyk arzuw umyt baglaýar,ş
Ýaşyl öwsen baglaryňda saýrak guşlar saýraýar,
Tämiz howaň derde derman, paýtagtym sen Aşgabat.

Bu topragyň dertler çekip ençe külpet görendir,
Ençe beýik ussat ökde ynsan ýaşap geçendir,
Aýdymçylar aýdym aýdyp, şahyr waspyň edendir,
Dowamatyň dowam bolsyn gülle ýene Aşgabat.

Gün günden sen gözelleşýäň, arşa galandyr adyň,
Hasyl boldy ajap eýýäm, meniň maksat myradym,
Ýer ýüzüne ýarap seniň bu gün şöhrady-şanyň,
140 ýaşyň gutly bolsyn, ak şäherim Aşgabat.

***

TÜRKMENIŇ PAÝTAGTY GÖZEL AŞGABAT

Köpetdagyň eteginde nur saçyp,
Mermer binalary asmany guçup,
Arkadagyň yhlasyndan görk açyp,
Görünýän kalplary heýjana salyp,

Türkmeniň paýtagty gözel Aşgabat.
Goýny ýada salyp bagy-eremi,
Joşa getir şahyrana ýüregi,
Gözelligi Arkadagyň keremi,

Haýran edýän myhman bolup geleni,
Türkmeniň paýtagty gözel Aşgabat.
Ýüz kyrk ýaşy arkasyna atanym,
Ginnes kitabynda orun tutanym,

Aziýaň merjeni adyn alanym,
Waspyna buýsançly nama ýazanym,
Türkmeniň paýtagty gözel Aşgabat.
Bedew batly ösüşlere beslenýär,

Seniň keşbiň gün-günden tiz özgerýär,
Dünýän gözel säherlerne öwrülýän,
Waspyňa ýazýaryn bir nama dessan,
Türkmeniň paýtagty gözel Aşgabat.

***

GÖZEL AŞGABAT

Aý dogulsa älem görer ýüze sylar halaýyk,
Asmanymda şugla saçýan aýymsyň sen Aşgabat.
Bu türkmeniň baky çüwen ak bagtyna ylaýyk,
Nura besläp ykbal beren taýymsyň sen Aşgabat.

Aşyklaryň aý keşbi deý görkana sen görkana,
Şäherleriň süýt reňkinden dem alýansyň erkana.
Şu günüme nurly şapak, güneşsiň sen ertäme,
Säherleriň serberine taýymsyň sen Aşgabat.

Ylla arşdan inen ýaly beýik işleň täsini,
Binýatlaryň berkisiň sen eýwanlaryň tämizi.
Arkadagyň paýhasyndan dörän zatlaň kämili,
Ýer ýüzüne nusga bolup ýaýyldyň sen Aşgabat.

Uly şowhun-şagalaňa beslenýändir toý baýram,
Säher bilen mylaýym dek bilbil guşlaryň saýrar,
Görmedik arman bolup görenler galar haýran,
Şu günümsiň hem ertämsiň paýtagtym sen Aşgabat.

***

AŞGABAT – BU BIZIŇ BUÝSANJYMYZDYR

Synlaýarys gözelligiňi guwanyp,
Şaýat bolýas ösüşleri gazanyp,
Waspyň edýäs bu şäheri begenip,
Aşgabat – bu biziň buýsanjymyzdyr.

140 ýaşyň garşylarys toý edip,
Ata-baba däbimizi ýöredip,
Taryp edýäs täze goşgy döredip,
Aşgabat – bu biziň geljegimizdir.

Gijesi gözeldir gündiz deý ýagty,
Gündizi göz gerek görmäne görki,
Beýik Lider berdi bu beýik bagty,
Aşgabat – bu biziň yhlasymyzdyr.

Boldy Aziýanyň göwheri gaşy,
Şanyňa saz eder sazanda bagşy,
Belleýäris baýramly 140 ýaşy,
Aşgabat – bu biziň paýtagtymyzdyr.

***

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYÑ WE YNANYŞMAGYÑ WATANY

Arkadagym gülledýär bu Watany,
Lebap, Balkan, Mary, Daşoguzdyr, Ahaly,
Ösüşlermiz haýran edýär jahany,
Türkmenistan parahatçylygyñ we ynanyşmagyň watany.

Şükür edip alýas tämiz howany,
Dowam etsin Bagtyýarlyk dowamy,
Arkadagym berdi ajap zamany,
Türkmenistan parahatçylygyñ we ynanyşmagyň watany.

Watanymyz gözel jennet mysaly,
Eziz halkym dost-dogana wepaly,
Ýaňlanyp dur agzybirlik mukamy,
Türkmenistan parahatçylygyñ we ynanyşmagyň watany.

Tugumyz parlaýar bezäp asmany,
Gurulýar bina desgalar köp sanly,
Biz asuda ýurduň bagtly ynsany,
Türkmenistan parahatçylygyñ we ynanyşmagyň watany

Beýik liderimiz ýurduñ hossary,
Döwlet adam üçin diýen şygary,
Altyn harplar bilen ýazýas bu ady,
Türkmenistan parahatçylygyñ we ynanyşmagyň watany.

***

YLHAM ALÝAN, ŞU KEREMLI TOPRAKDAN

Gözel tebigatyň goýnunda gaýnap,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.
Ak gülli baglarda bilbil deý saýrap,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.

Bu gözel tebigat, joşgunym ýazym,
Bu gözel tebigat, aýdymym sazym,
Gykuwlap geçende, ördegim, gazym,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.

Bir tarapy Bahry, Hazar kenary,
Bir tarapy Jeýhun bilen penaly,
Tebigatyň gözelligne senaly,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.

Alnymyzda ýaýylyp dur Garagum,
Köpetdagym gamaşdyrýar garagym,
Gözellige joşa gelip ýüregim,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.

Gök asmanda, ak guşlaryň gaýmasy,
Göýä göwnüm bolup, ganat ýaýmasy,
Keramatdyr, gözel türkmen ýaýlasy,
Ylham alýan, şu keremli toprakdan.

***

TEBIGATYŇ AJAÝYP

Arkadag yhlasy özgerdýär döwri,
Gül watanym gür baglyga bürenýär,
Olar uzaklardan joşuryp göwni,
Bir ajaýyp sungat bolup görünýär.

Türkmen tebigaty melhem ynsana,
Dermanlyk ot çöpi tenekar jana,
Bu barada ýazyp Arkadag dana,
Lukman gözi bilen ile seretýär.

Tebigatyň gözelligne görk goşar,
Gök otlar maýsalap bahar gelende,
Kalba ylham geler ýüregiň joşar,
Ak garly gyş ýaza orun berende.

Gül Watanym seniň jennet goýnuňda,
Tebigatyň ajap, gülleň lälezar,
Reýhany çöllerde çarýana gezýän,
Bedew atyň, algyr guşuň lälezar.

***

TEBIGATY GÖZEL TÜRKMENISTANYM

Ýaşyla beslener baýyrlaň ýüzi,
Reňkini çalşypdyr dagy hem düzi,
Bezär bu topragy al elwan güli,
Tebigaty gözel Türkmenistanym!

Topragy bakjaly, baglar miweli,
Sähra çöli synlap ýüze sylmaly,
Gözelligi synlap jandan söýmeli,
Tebigaty gözel Türkmenistanym!

Dag etegin bezär ýaşyl arçalar,
Haýran eder gülälekli gunçalar
Arassa howada güllär maýsalar,
Tebigaty gözel Türkmenistanym!

Görmek bolar munda älemgoşary,
Görmäne göz gerek ala-bahary,
Arkadagyň yhlas eden watany,
Tebigaty taýsyz Türkmenistanym!

***

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Biz bagtyýar türkmen diýip, dünýä gujak açaly,
Çar tarapa bu äleme buýsanç bilen bakaly,
Ata babalarymyzyñ arzuw edip ýeteni,
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany.

Beýik Arkadagym bize sowgat etdi ak ýoly,
Minnetdar biz lidermize, kalbym alkyşdan doly,
Ýüzümize sylýarys tagzym edip ýaşyl tugy,
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany.

Bu gün diýarymda görmek bolar bagy bossany,
Eziz ýurdum parahatdyr asudadyr asmany,
Bu günki gün ulus iliň dillermiziň dessany,
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany.

Bedew batly öňe barýar ösüşleriň joşguny,
Biz geljegi bu Watanyň bagtly talyp ýaşlary,
Ýer ýüzüne ýüzleneliň jar edeliň buşlugy,
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany.

Arkadagyň saýasynda ýetdik ýagty ýollara,
Hasyl bolup gowuşdyk biz arzuwly hyýallara,
Garaşsyz Bitarap diýar öser ýyldan ýyllara,
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany.

***

TÜRKMENISTANYM

Gylyç syryp, jan dözüp, pederleriň aýany,
Gursagymdan joş alýan, şygyrlarmyň beýany,
Arkadagyň yhlasyndan, özgerendir jemaly,
Gül Watan iliň abat, durudyr nurly asman,
Parahatlyk ynançmak, Watanym Türkmenistanym.

Ilim günüm agzybir, niýeti, kalby päkdir,
Päklik bilen maksat tutup, ýörän ýollary akdyr,
Watan mydam gujagyň, aýdym sazly mukamdyr,
Bagşylar taryp edip, waspyňa joşar dessan,
Parahatlyk ynançmak, Watanym Türkmenistanym.

Arkadagyň pähiminden, ýollar bagta rowandyr,
Guwan eziz Türkmen halkym, bu bir ajap zamandyr,
Garaşsyz hem Bitarap, ýurtda iller amandyr,
Şeýle ajap zamany, geçen pederler islär,
Parahatlyk ynançmak, Watanym Türkmenistanym.

Sen ýeketäk Watanym, bu älemiň ýüzünde,
Hiç bir mekan deňäp bilmez gül Watanym deňiňde,
Şanyňa nama dowam, begendigiň serinde,
Goýnuň erem bagy deý, elmydam bahar bossan,
Parahatlyk ynançmak, Watanym Türkmenistanym.

***

WATANYM

Ak säherleň şapagyna eýlenen,
Lowurdaýan keşbiň zerden Watanym.
Bagtyýarlyk döwri bilen beýgelen,
Waspyňa sözläýin, dürden Watanym.

Döneýin men şirin aýdym-sazyňa,
Başym gurban, baky gelen ýazyňa.
Buýsanyplar, şöhradyňa-şanyňa,
Ýürek gürsüldeýär, hordan Watanym.

Dagy-düzleriňde gezsem pyýada,
Oba kendiň, şäherleriň zyýada.
Beslenendir müňläp belent binýada,
Owadan paýtagtyň mermer Watanym.

Ata-baba pederleriň ömründe,
Kyblagähi, seždegähi göwnünde.
Bu türkmeniň ykbalynda, köňlünde,
Mesgeniň bar, ýürek, serde Watanym.

***

BAGTYÝAR BIZ SIZIŇ BILEN ARKADAG

Belent bolsun, parasatly başyňyz,
Bagtyýar biz siziň bilen Arkadag.
Şöhratly siz, il gurşap dur daşyňyz,
Bagtyýar biz siziň bilen Arkadag.

Mähriňizden ýurdum zere dönüpdir,
Pähmiňizden diller düre dönüpdir,
Seriňize döwlet guşy gonupdyr,
Bagtyýar biz siziň bilen Arkadag.

Merdana siz, Görogly deý göçgünde,
Nurana siz, köňülleriň köşgünde.
Alkyş size, bu sapaly hoş günde,
Bagtyýar biz siziň bilen Arkadag.

Başymyzyň saýa salan çynary,
Paýhasyňyz älem-jahan çyragy.
Siziňkidir ,,Parahatlyk’’ şygary,
Bagtyýar biz siziň bilen Arkadag.

***

ARKADAGYM BAR

Dury asmanymda lowurdap duran,
Gün deý halkyn çoýýan Arkadagym bar.
Eşretli zamany halkyma beren,
Dana gahryman howandarym bar,
Kalplara nur çaýýan gahrymanym bar.

Kitaplary bu durmuşa ýörelge,
Halypamyz her bir işde görelde,
Dünýä haýran Türkmen iliň görende,
Dana gahrymanym howandarym bar,
Kalplara nur çaýýan gahrymanym bar.

Asudadyr şäherlermiz şypaly,
Döwran sürýäs gül Watanda sapaly,
Tapdy arzuwlarmyz baky wysaly,
Dana gahrymanym howandarym bar,
Kalplara nur çaýýan gahrymanym bar.

Saýasynda ilim günüm erkana,
Zähmetinden eziz ýurdum görkana,
Türkmeniň bagtyna dörän merdana,
Dana gahrymanym howandarym bar,
Kalplara nur çaýýan gahrymanym bar.

***

GARAŞSYZLYK ŞEMALY

Otuz ýyldyr, sypalap dur serimiz,
Erkanalyk, Garaşsyzlyk şemaly.
Otuz ýyldyr, döküp maňlaý derimiz,
Rahatlykdan tapdyk baky kemaly.

Otuz ýyldyr, biziň ýaşyl tugumyz,
Mukaddeslik bolup, baky parlap dur.
Otuz ýyldyr, biziň belent ruhumyz,
Garaşsyzlyk mukamynda saýrap dur.

Otuz ýyldyr, bütin dünýäň nazary,
Hyrydar göz bilen, bize bakyp dur.
Otuz ýyldyr, öz aýdymy gazaly,
Türkmeniň ylhamyndan akyp dur.

Otuz ýyldyr, bagt kölüni boýlaýan,
Illeriň lälezar, gülälek Watan.
Arkadagyň saýasynda toýlaýan,
Garaşsyzlyk toýuň mübärek bolsun.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok