«Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “InAshgabat” onlaýn portaly bilen  bilelikde gurnamagynda  Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  paýtagtymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda»  atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady:

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryny baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýärler.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döredijiliginde Berkarar watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Bu günki zehinli ýaşlar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki beýik nesilleridir!» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “InAshgabat” habar portaly bilen bilelikde paýtagtymyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda»  atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

Bäsleşige ýaşy 14-30 ýaş aralygy bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik döredijiligiň goşgy ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar öz döredýän eserlerinde Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ütünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost doganlygy, gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini waspyny ýetirýän döredijilik eserlerini 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň jemleri Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  2021-nji ýylyň maý aýynyň 22-ne Aşgabat şäherinde jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin :
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi: 44-89-03
InAshgabat redaksiýasy: ashgabat.in@gmail.com

Baleşige gelen goşgular:
Arkadagyň ak şäheri Aşgabat” – Ogulnur Pirjikowa
«Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda» – Maýsa Gölbaýewa
“Ak şäherim Aşgabadym” – Bägül Merdanowa
Aşgabat” – Maýsa Gölbaýewa
“Aşgabat” – Sülgün Bazarowa
“Aşgabadym – watanymyň ýüregi!” – Aýjan Nallyýewa
“Ykbalymyň bagt paýy, Aşgabat!” – Aýnur Rozyýewa
“Ak şäherim – Aşgabat!” – Akyýewa Owadan
“Aşgabat!” – Sapa Sapaýew
“Ak şäherim Aşgabadym” – Sähet Halykow
“Aşgabadym-aşykabadym meniň” – Sona Halykowa
“Ak şäherim, päk şäherim Aşgabat!” – Sylapberdi Mämmedow
“Aşgabat” – Rahmannazar Jumaýew
“Aşgabadyň 140 ýyllygyn” – Gurbanbibi Rahimowa
“Aşgabadym!” – Aýgül Mämetkurbanowa
“Aşgabat” – Mätgurban Mätgurbanow
“Aşgabadym” – Aýjemal Artykowa
“Aşgabadym” – Dünýägözel Artykow
“Aşgabat” – Jahantäç Öwezowa
“140 ýaşyň mübärek ak şäherim jan Aşgabat” – Nurgeldi Ilgeldiýew
“Arkadagyň ak şäheri- Aşgabat!” – Gülşat Gurbandurdyýewa
“Arkadagyň ak şäheri Aşgabat!” – Kerwen Berdiliýew
“Aşgabat” – Musa Pirmämmedow
“Ak şäherim Aşgabat” – Ogulmaral Meretgeldiýewa
“Aşgabat” – Döwletmyrat Tejenow
“Aşgabat” – Aýnur Myradowa
“Ak mermerli binalaryň waspy” – Amanmuhammedowa Dünýägözel
“Ak şäherim Aşgabat” (akro) – Babaýewa Suraý
“Aşgabat” – Nuryýewa Söýli
“Aşgabat” – Gytja Atdaýewa
“Arkadagly ak şäherim Aşgabat” (akro) – Söhbet Orazmämedow
Diňe seň adyňa ýazylyp dursun” – Enejan Suhanowa
“Aşgabadym – waspyň etsem şygrymda” goşgular toplumy (16 goşgy) – Aýmyrat Hudaýberdiýew

Teswirler

Jumaýew Rahmannazar

Aşgabat Ymaratlañ ýalkym saçýar çar ýana Aziýanyñ merjeni sen aşgabat Bezäp otyr köpetdagyñ etegin Dünýäni haýrana goýýan aşgabat Niçe ärler ýaşap geçdi goýnunda Bilbiller saýraşar erem-bagynda Bardyr adyñ ginnesiñ kitabynda Arkadagyñ yhlasy sen aşgabat Gujak açyp garşy alýar myhmany Ýyl-ýyldan artýandyr gelýänleñ sany Durkuñ misli ak mermerleñ ummany Ýokdur taýyñ gözellikde aşgabat Al ýaşyl öwüsýär owadan baglañ Ak gara bürenýär ol beýik daglañ Rowaç tapar saña ömrüni baglan Ak Mermerli paytagtym sen aşgabat Rahman jumaýew