Bäsleşige: “Aşgabadym!”

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Arkadagly Watanyň paýtagty hem ýüregi,
Bu ýyl 140 ýaşadyň, bolup halkyň diregi,
Dünýäň ähli ynsannyň islegi hem geregi,
Paýtagtym, ak mermerli, ak şäher, Aşgabadym!

Al-asmana görk goşýar, parlap ýaşyl baýdagyň,
Owaz bilen sazlaşýar, parahatlyk aýdymyň,
Ýer ýüzüniň asuda, gözel ülke saýdygy
Özgerişler mekanym, ak şäher, Aşgabadym!

Seni görmäge gelýär, uzakdan ähli ýerden
Gözleri gamaşdyrýaň, bezenip ak mermerden
Gijeleriň owadan, ýagty saçyp nurlardan
Bütin düñýäň haýrany ak şäher, Aşgabadym!

Älem-jahana meşhur däp-dessur, milliligim,
Saňa buýsanýar bu gün agzybir türkmen ilim,
Göwünlerde adyň bar, waspyň ýetirýar dilim,
Eziz Watan ýüregiň, ak şäher, Aşgabadym!

Ginnesiň kitabynda altyn harpdan bezelen,
Görmäge göz gerekdir, waspyň ýetmez söz bilen,
Arkaňda Köpetdagyň, ileriňde Garagum
Nury didäm, guwanjym, ak şäher, Aşgabadym!

Geçmişi bar gadymy, aý-aýdyňdyr ertesi,
Gün-günden artyp barýar at-abraýy, sarpasy,
Sen bu gözel mekanyň geljegi, mertebesi,
Arkadagly diýaryň söýegi, Aşgabadym!

Aýgül Mämetkurbanowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Rozy

Üsdünlik örän gowy ýazylypdyr!