Aşgabatdaky Amerikan merkezi, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek boýunça 2021-nji ýyl üçin “Prep4Success” maksatnamasynyň uzak aralykdan bilim almak kurslaryna gatnaşmana çagyrýar.
Dalaşgärler üçin talaplar:
- orta mekdebi tamamlan bolmaly;
- bakalawr derejesi ýok bolmaly;
- häzirki wagtda Türkmenistandaky ýa-da daşary ýurtdaky ýokary okuw jaýlarynda okamaýan bolmaly (orta hünärment mekdeplerini gutaranlar ýüz tutup bilerler);
- iňlis dili boýunça ýokary ýa-da orta derejede bilimi bolmaly.
Ýüz tutmak üçin soňky gün 2021 ýylyň 4– nji fewraly.
Islendik sorag üçin ýüz tutup bilersiňiz:
Telefon belgisi: (+99312) 36 90 16;
Faks: (+ 99312) 36 90 22;
E-mail: associatep4s@americancouncilstm.org;
www.americancouncilstm.org;
www.americancouncils.org.
Teswirler