11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza dolandy.
Saparyň ikinji gününde Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Sammitde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine garaldy.
Çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlajakdygyny habar berdi. Şeýle hem 2028–2037-nji ýyllary BMG-niň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek, Aşgabatda Howa boýunça dialogy döretmek we 2027-nji ýylda onuň ilkinji halkara duşuşygyny geçirmek başlangyçlaryny öňe sürdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler baradaky Jarnama, 2026–2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça taslama, uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarda energiýa geçişini goldamak baradaky taslama, FAO-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasy hem-de suw serişdelerini dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar.
Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti
Teswirler