7-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsüminiň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bag nahallaryny oturtmak, ozal döredilen ýaşyl zolaklara ideg etmek hem-de seýilgähleri abadanlaşdyrmak işleri ýerine ýetirildi.
Ählihalk bag ekmek çäresiniň esasy bölegi paýtagtymyzda Döwlet münberiniň günorta-günbatar tarapynda ýerleşýän meýdançada geçirildi. Dabara gatnaşyjylar dürli görnüşli bag nahallaryny oturtmak işlerine gatnaşdylar. Bu ýerde ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag görnüşleriniň saýlanyp alynmagyna aýratyn üns berildi.
Berilýän maglumatlara görä, bu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça 537 müň 900 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem ozal ekilen baglaryň ösüşini üpjün etmek maksady bilen, seýilgählerde we tokaý zolaklarynda jemi 1 million 947 müň 396 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda, ýaşyl zolaklaryň arassalygyny we abadan ýagdaýyny saklamak boýunça işler hem alnyp baryldy. Hususan-da, seýilgähleriň we tokaý zolaklarynyň arassaçylygy üpjün edildi, bar bolan baglaryň ideg işleri ýerine ýetirildi.
Bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy şäherleriň we ilatly ýerleriň daşky görnüşini gowulandyrmak bilen çäklenmän, daşky gurşawyň ýagdaýyna hem oňyn täsir edýär. Agaçlar howadaky tozanyň azalmagyna, ýelleriň täsiriniň peselmegine, tomus aýlarynda kölegeli ýerleriň emele gelmegine ýardam berýär. Şeýle-de tokaý zolaklarynyň döredilmegi we giňeldilmegi ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawynyň goralmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Bu işleriň netijeli bolmagy üçin diňe bir täze nahallary oturtmak däl, eýsem, olaryň soňraky idegini talabalaýyk guramak hem zerurdyr. Baglaryň wagtynda suwarmagy, topragynyň bejerilmegi we ösüş ýagdaýyna gözegçilik edilmegi olaryň gögerip ösmeginde esasy şertleriň biridir.
Maglumatlary taýýarlan: Allamyrat Mollaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler