Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Arkadag şäherindäki merkezde geçirilen çärede saglygyny dikeldýän çagalara süýjülikler we ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Çärede çagalara baýramçylyk mynasybetli hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda merkeziň işi, bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin döredilen şertler we olara edilýän hyzmatlar barada çykyşlar boldy. Çagalaryň durmuş goraglylygy, saglygynyň dikeldilmegi we terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meseleler hem çäräniň esasy mazmunyny düzdi.
Şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Hasyl toýy mynasybetli süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň dowamynda çagalar aýdym-sazly, tansly çykyşlary we goşgy setirleri bilen çykyş etdiler.
Iki ýerde geçirilen çäreleriň dowamynda çagalara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy we medeni maksatnamanyň guralmagy Hasyl toýy mynasybetli geçirilen çäreleriň mazmunyny düzdi.
Maglumatlary toplan we taýýarlan: Aýlar Aşyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi
Teswirler