Bereketli hasylyň arkasynda döwrebap oba hojalyk infrastrukturasy durýar

Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň netijesini dabaralandyrmak bilen birlikde, oba hojalygynyň geljekki ösüş ugurlaryna hem üns çekýär. Bu pudagyň durnukly ösüşi diňe bir ekin meýdanlarynda öndürilýän önümler bilen däl, eýsem, olary saklamak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ýetirmek üçin döredilýän mümkinçilikler bilen hem berk baglanyşyklydyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda oba ýerleriniň durmuş we önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde täze obalaryň we şäherçeleriň, maldarçylyk toplumlarynyň, elewatorlaryň, azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň, sowadyjy hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy bu ugurdaky işleriň möhüm bölegini düzýär.

Şeýle taslamalaryň biri hökmünde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýyny öz içine alýan döwrebap şäherçäniň gurluşygyna şu ýyl badalga berilendigini bellemek bolar. Munuň özi oba ýerlerinde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň gerimini görkezýär.

Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem oba hojalyk ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşoguz welaýatynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda bolsa ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge niýetlenen ösümlik ýagy kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyklaryna badalga berilmegi bu ugurdaky taslamalaryň hatarynda durýar. Şeýle kärhanalar oba hojalyk çig malyny taýýar önüme öwürmek we önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly ähmiýete eýedir.

Oba hojalygynyň ösüşinde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy aýratyn ähmiýete eýe. Sebäbi ekerançylygyň netijeliligi ýerleriň hasyllylygy bilen bir hatarda, suw üpjünçiliginiň ýagdaýyna we suw hojalygynyň mümkinçiliklerine hem baglydyr. Şu ýyl Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze döwrebap desgalaryň ulanmaga berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdirilýändigini görkezýär.

Häzirki zaman oba hojalygy önümçiligiň ähli tapgyrlarynyň özara sazlaşykly ösdürilmegini talap edýär. Önümçiligiň artmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi, saklaýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi we suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy pudagyň uzak möhletleýin ösüşine ýardam berýär.

Şeýlelikde, Hasyl toýunda dabaralanýan zähmet üstünlikleriniň dowamly bolmagy üçin oba hojalygynyň diňe bir häzirki mümkinçiliklerini däl, eýsem, onuň geljekki ösüşine hyzmat etjek infrastrukturasyny hem kämilleşdirmek möhüm bolup durýar.

Maglumatlary toplan we taýýarlan: Gülşat Mätiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok