Türkmen wekiliýeti ýokary bilim boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Awstraliýanyň Pert şäherinde ýerleşýän Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň (IAU) «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly XVII baş maslahaty geçirildi. Dünýäniň 65 döwletinden 245 wekiliniň gatnaşmagynda geçirilen halkara çärede Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem çykyş etdiler.

Maslahata Türkmenistana Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary wekilçilik etdiler.

Halkara maslahatyň esasy maksady emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösýän döwründe ýokary bilim ulgamynyň geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetdäki orny, bilim bermekde täze çemeleşmeler, ylmy-barlag işlerinde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri ýaly meseleler giňişleýin öwrenildi.

Maslahatyň gün tertibinde emeli aňyň ýokary bilim ulgamyna täsiri, sanly özgertmeler, ylmy işleriň ygtybarlylygyny üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugurlar aýratyn orun eýeledi. Gatnaşyjylar dürli mowzuklarda çykyş edip, ýokary bilimiň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu maslahata gatnaşmagy halkara tejribäni öwrenmek, ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we dünýäde emele gelýän täze bilim ugurlary bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Şeýle halkara çäreler ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy we bilim ulgamynda täzeçil çemeleşmeleriň ösdürilmegini goldaýar.

Çeşme: “Altyn asyr” elektron gazeti

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok