Türkmenistan we Beýik Britaniýa arasynda bilim we medeniýet ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk giňeldiýär

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilmegine görä, gepleşiklerde türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

Bilim we medeniýet ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek, bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek we medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine üns berildi.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Geňeşiň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, taraplar halkara gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň netijesinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok