«Bir guşak, bir ýol — 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

3–4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol — 2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Oňa dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan 170-den köp KHBS wekili, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşdy.

Forumyň dowamynda «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti, sebitara media gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda 2013-nji ýylda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen bu başlangyjyň häzirki wagtda halkara ähmiýetli giň gerimli taslama öwrülendigi bellenildi. Şeýle hem onuň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşýan goşandy nygtaldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek, ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Forumda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri arasynda tejribe alyşmaga, bilelikdäki media taslamalaryny durmuşa geçirmäge we häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar maglumatlaryň takyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň häzirki zaman žurnalistikasynyň möhüm wezipeleriniň biridigini nygtadylar.

Çäräniň çäklerinde «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasynyň çäklerinde media hyzmatdaşlygy boýunça Fujou başlangyjy kabul edildi. Şeýle hem forumyň ikinji gününde «Halkara kommunikasiýa boýunça Ýüpek ýoly baýragynyň» gowşurylyş dabarasy geçirilip, baýrakly dokumental filmler görkezildi.

Forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen žurnalistleriň özara tejribe alyşmagy, medeni gatnaşyklary ösdürmegi we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy üçin möhüm meýdança boldy. Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar Fujou şäheriniň taryhy we gözel künjeklerine gezelenç etdiler.

Aýgul Orazmuhammedowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok