Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda esaslandyrylan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky onunjy sany okyjylara ýetirildi. Täze neşirde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolup geçýän möhüm wakalar, ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli we halkara derejedäki başlangyçlar giňden beýan edilýär.
Žurnalyň täze sanynda ýaş nesliň bilim derejesini, dünýägaraýşyny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ösdürmäge gönükdirilen makalalara aýratyn orun berilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň ähmiýetini açyp görkezýän makalalar hem bar. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýeti, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, ylym-bilim, innowasiýa we telekeçilik ulgamlaryndaky mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Neşirde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylyk, ynanyşmak we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini dabaralandyrmakdaky orny hem şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana we Ermenistana amala aşyran iş saparlary, halkara forumlarda ýaşlar bilen bagly öňe süren başlangyçlary, şeýle-de türkmen Bitaraplygynyň dünýä dillerinde wagyz edilmegine bagyşlanan makalalar okyjylaryň ünsüni çekýär.
Mundan başga-da, žurnalyň sahypalarynda saglygy goraýyş, zähmet hukuklary, sanly tehnologiýalar, ýaşlaryň döredijilik başarnyklary, milli miras we maşgala gymmatlyklary ýaly dürli ugurlara degişli materiallar çap edilipdir. Çeper eserler, awtorlyk makalalary we oýlanmalar hem täze sanynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Umuman, «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany ýaşlaryň bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berýän möhüm maglumatlary özünde jemleýär. Neşir ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda we döwrebap garaýyşlaryny kemala getirmekde ähmiýetli çeşme bolup hyzmat edýär.
Humaý Allaberenowa,
Farap etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy.
Teswirler