Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo–2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guraldy. Oňa Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Şanhaýyň Milli sergi we maslahatlar merkezinde ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşdylar. Pawilýonda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, milli önümçilik kuwwaty we türkmen kärhanalarynyň öndürýän harytlary bilen tanyşdyrýan diwarlyklar görkezilýär.

Forumyň «Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşi: strategik hyzmatdaşlygyň täze tapgyry» atly umumy mejlisinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow çykyş edip, çärä gatnaşyjylary gutlady.

Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de telekeçileriň arasynda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de energetika, dokma, gurluşyk we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça pikir alşyldy.

Hytaýly işewürlere Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumat berildi.

Forumyň jemleri boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Türkmen-hytaý işewürlik forumy 7-nji noýabra çenli dowam eder.

Ogulnar Şöhradowa,

Farap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok