Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher Ýörite sungat mekdebiniň we Konserwatoriýamyzyň talyplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda “Karaoke” (Karaoke Battle) atly bäsleşigi geçirildi.

Aýratyn bellemeli zat, bäsleşigi alyp baryjy hökmünde kafedramyzyň müdiri, uly mugallym Maýsa Mämmetjumaýewa çykyş etdi. Ol özüniň guramaçylyk ussatlygy, şowhunly alyp baryş tärleri, sahnada gatnaşyjylary ruhlandyrýan gyzykly ýüzlenmeleri bilen bäsleşigiň şowhunyny artdyrdy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa her okuw mekdebinden 4-5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň barşynda ýerine ýetirilmeli aýdymlar 4 görnüşe (nominasiýa) bölündi:
- Türkmenistanyň halk artistlary Akmuhammet Saparow we Atabaý Çarygulyýewiň aýdymlary;
- Türkmen estrada aýdymlary;
- Rus estrada aýdymlary;
- Gündogara syýahat (özbek, gazak, azerbeýjan we ş.m.) aýdymlary.
Mundan başga-da, bäsleşigiň ençeme pursatlarynda az ball eýelän ýa-da deň ball alan toparlara goşmaça aýdymlar (Ýewropa ýurtlarynyň estrada aýdymlary: fransuz, iňlis, italýan, ispan we ş.m.) hödürlendi. Bu goşmaça aýdymlary bellenen derejede ýerine ýetiren toparlara eminler tarapyndan aýratyn ballar berildi, ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýlarynda bolsa ballary aşak düşürildi.
Bäsleşigiň çykyşlaryna, wokal takyklygyna, ekrandaky sözleri saz bilen deň tutuşyna we sahna medeniýetine adalatly baha bermek üçin tejribeli mugallymlarymyzdan ybarat eminler topary “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymlary Arzygül Gylyjowa, Tylla Saryýewa, Aýgül Rejepowa adalatly baha berdiler.

Bäsleşik 3 sany tapgyrdan ybarat bolup, örän çylşyrymly we dartgynly geçdi. Emin agzalaryň jemleýji baha beriş netijelerine görä, 1-nji orna “Estrada sungaty” kafedrasynyň talyplary, Halmurat Begenjow, Serdar Muştakow, Aziz Sabirjanow, Kerwen Annaýew, Hangeldi Wepaýew dagylar mynasyp boldy.
2-nji orna “Estrada sungaty” kafedrasynyň aşaky tapgyr talyplary, 3-nji orna bolsa Ahal welaýat ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary mynasyp boldylar.
Jeren Halapowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy
Teswirler