2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Seul şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilim, ylym, tehnologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklibi öňe sürdi. Sammit Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlaryny bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda şäher gurluşygy we döwrebap infrastruktura boýunça tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, «Akylly şäherler diplomatiýasy» başlangyjyna ünsi çekdi. Şeýle hem senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw serişdeleri, saglygy goraýyş, hyzmatlar we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, şol sanda iki diplomly bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegi teklip edildi.
Ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmegine hem aýratyn ähmiýet berlip, sanly başarnyklary ösdürmek, bilelikdäki bäsleşikleri, olimpiadalary we beýleki bilim çärelerini geçirmek teklip edildi.
Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama we gözleg işlerini giňeltmek baradaky başlangyç hem öňe sürüldi. Şeýle hem ýaşlaryň täze pikirlerini goldamak we durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen ýörite institut döretmek teklip edildi.
Sammitde ykdysady we tehnologik hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Koreýanyň tehnologiýalaryny peýdalanyp Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig malyny gaýtadan işlemek, tebigy baýlyklary bilelikde özleşdirmek, önümçilik kärhanalaryny we ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek baradaky meseleler gozgalypdy. Şeýle hem emeli aň, sanlylaşdyrma, «ýaşyl» tehnologiýalar we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki taslamalara üns berildi.
Duşuşygyň netijesinde ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň Seul jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem emeli aň, ylym we geljegiň tehnologiýalary, howa, energetika we daşky gurşaw ýaly ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki resminama kabul edildi.
Çeşme: TDH
Teswirler