Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi ýaş aýdymçylaryň zehinini ýüze çykarmakda möhüm döredijilik meýdançasyna öwrüldi.
Resminama laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda aýratyn tapawutlanan ýedi çaga ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan noutbuk kompýuterleri gowşurylyp, olaryň her birine degişli diplomlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa bar.
Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa we Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew bäsleşigiň ýeňijileri boldular.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi ýaş nesliň aýdym-saz sungatyna bolan gyzyklanmasyny höweslendirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek babatda ähmiýetli çäreleriň biridir. Bäsleşigiň dürli tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň gatnaşmagy onuň giň gerimde geçirilýändigini görkezýär.
Ýeňijiler bilen birlikde, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan beýleki çagalaryň hem zähmeti ünsden düşürilmedi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle sylaglar ýaş zehinleriň döredijilik ýolunda täze üstünliklere ymtylmagyna, aýdym-saz sungatyna bolan höwesiniň artmagyna hem-de öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegine itergi berýär. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik bäsleşigi hem ýaş nesliň zehinini goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegine öwrüldi.
Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
5-nji ýyl talyby
Çeşme: TDH
Teswirler