Tomus paslynyň tamamlanmagy we güýz paslynyň başlanmagy bilen maldarçylyk hojalyklarynda dürli keselleriň öňüni alyş çärelerine aýratyn üns bermek zerur. Şol döwürde gara mallaryň arasynda ýiti görnüşde geçýän efemer, ýagny üç günlük epizootiki ysytma keseli ýüze çykyp biler.
Bu kesel esasan gara mallarda, gäwmişlerde duş gelýär. Bir ýaşdan uly, semiz mallarda kesele agyr geçmek ähtimallygy has ýokary bolýar. Agyr ýagdaýlarda öz wagtynda bejergi geçirilmedik halatynda keseliň ölüm bilen tamamlanmagy hem mümkin.
Üç günlük ysytma tebigy şertlerde gan sorujy mör-möjekleriň, şol sanda çybynlaryň we beýleki gan sorujy mör-möjekleriň üsti bilen ýaýraýar. Howanyň maýyl we çygly bolan döwürlerinde şeýle mör-möjekleriň işjeňleşmegi keseliň ýaýramagyna şert döredýär.
Keseliň gizlin döwri 2-11 gün aralygynda dowam edýär. Ilkinji alamatlar köplenç duýdansyz ýüze çykýar we kesel adatça 1-2 gün dowam edýär. Käbir ýagdaýlarda bu döwür 3-4 güne çenli uzap biler.
Kesel mallaryň saglyk ýagdaýyna we maldarçylyk hojalyklarynyň önümçiligine hem täsir edip, et we süýt öndürilişiniň peselmegine getirip biler. Şonuň üçin kesel alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda wagtynda hünärmeniň kömegine ýüz tutmak möhümdir.
Üç günlük ysytmany anyklamak üçin epizootiki ýagdaý, kliniki alamatlar we barlaghana netijeleri bilelikde göz öňünde tutulýar. Keseli bejermek we öňüni alyş çärelerini geçirmek weterinar lukmanyň gös-göni gözegçiligi arkaly amala aşyrylmalydyr.
Mallaryň möwsümleýin kesellerden goralmagy üçin weterinariýa gözegçiligini güýçlendirmek we hünärmenleriň maslahatlaryny wagtynda ýerine ýetirmek maldarçylyk hojalyklarynyň durnukly işini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Halmyrat Berdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby
Teswirler