Ýewropada emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek we bu ugurda ykdysady bäsdeşlik ukybyny güýçlendirmek boýunça täze başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard sebitiň täze emeli aň döwründe möhüm orun eýelemek üçin zerur ylmy we ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Onuň bellemegine görä, Ýewropa öňki sanly ösüş tapgyrynda käbir mümkinçilikleri doly peýdalanyp bilmese-de, häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösýän döwründe täze mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak üçin ýeterlik mümkinçiliklere eýedir.
Ýewropa Komissiýasy hem strategik pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem iri maglumat merkezleriniň ösüşini goldamak boýunça täze başlangyçlary öňe sürýär. Bu çäreler sebitiň ykdysady bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Sebitiň ylmy kuwwaty hem ýokary derejesini saklaýar. Ýewropa dünýä ilatynyň takmynan 6 göterimini düzýän hem bolsa, dünýä boýunça ylmy-barlag işleriniň 15 göterime golaýy şu sebitde amala aşyrylýar. Halkara ylmy neşirleriň bäşden bir böleginiň hem Ýewropanyň alymlaryna degişlidigi bellenilýär.
Emeli aň boýunça maýa goýumlary hem artýar. Geçirilen barlaglara görä, Ýewropadaky işewürlik düzümleri maýa goýumlarynyň ortaça 9 göterimini emeli aň bilen bagly tehnologiýalara gönükdirmäge taýýardyr.
Şeýle-de kärhanalaryň maliýeleşdiriş mümkinçiliklerini giňeltmek we täze kompaniýalaryň bazara çykmagyny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin çäreler alnyp barylýar.
Kristin Lagard bu ugurda Tygşytlyklar we maýa goýum bileleşigini (SIU) döretmegiň hem-de ähli Ýewropa ýurtlarynda startaplaryň işini ýeňilleşdirjek bitewi hukuk çarçuwasyny döretmegiň möhümdigini belledi. Bu başlangyçlaryň sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we innowasion taslamalaryň ösmegine şert döredip biljekdigi bellenilýär.
Aýgül Çaryýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby
Teswirler