Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Aşgabatdaky 5 müň orunlyk täze binalar toplumy açyldy. Täze toplum paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap bilim binýadyny has-da giňeldýär.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçirilen açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi.
32,2 gektar meýdany eýeleýän toplumda 13 gatly baş bina, 8 fakultet we 28 kafedra, kitaphana hem-de mejlisler zaly ýerleşýär.
Talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin bolsa hersi 40 öýden ybarat iki sany ýaşaýyş jaýy guruldy.
Institutyň täze tejribehanalary seýsmiki barlag, gurluşyk, elektromehanika we himiýa ugurlary boýunça halkara öndürijileriň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Olaryň arasynda ýertitremäniň yrgyldylaryny emeli usulda döretmäge we binalaryň durnuklylygyny barlamaga mümkinçilik berýän ýörite enjam hem bar.
Täze toplumyň 5 sany ISO halkara standartyna laýyklygy tassyklanyldy. Institut bu bäş standart boýunça bir wagtda sertifikatlaşdyrylan Türkmenistandaky we GDA ýurtlaryndaky ilkinji ýokary okuw mekdebidir.
Mundan başga-da, instituta Certiport Authorized Testing Center halkara synag merkeziniň derejesi berildi. Bu talyplara we hünärmenlere sanly başarnyklaryny halkara derejede ykrar edilýän sertifikatlaryň üsti bilen tassyklamaga mümkinçilik berer.
Täze toplum binagärleri, gurluşyk inženerlerini we beýleki ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin döwrebap bilim we ylmy-barlag merkezine öwrüler.
Teswirler