Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi halkara medeni hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzyň iň iri medeni ojaklarynyň biri hökmünde milli şekillendiriş sungatyny, taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak, öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça möhüm işleri alyp barýar. Muzeýiň baý gaznasynda türkmen we dünýä sungatynyň dürli döwürlerine degişli müňlerçe eksponatlar saklanylýar. Olar diňe bir halkymyzyň medeni mirasyny şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş nesli watançylyk, gözellik duýgusy we milli gymmatlyklara hormat ruhunda terbiýelemekde hem möhüm orun eýeleýär.

Soňky ýyllarda muzeýiň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejä çykýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň muzeýleri, ylmy-barlag edaralary we medeni guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk milli medeni mirasy halkara derejede wagyz etmek, tejribe alyşmak hem-de muzeý işiniň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde medeniýet ulgamynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň, şeýle hem Gruziýanyň Patyşalyk Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekilmegi iki ýurduň muzeý edaralarynyň hyzmatdaşlygyny täze tapgyra çykarýan möhüm ädim boldy.

Bu resminamalar muzeý gaznalaryny öwrenmek, ylmy-barlag işlerini bilelikde alyp barmak, sergileri guramak, medeni gymmatlyklary wagyz etmek, hünärmenleriň tejribe alyşmagyny ösdürmek hem-de muzeý işiniň häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Sonagül Karaşewa
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň wideoýazgylaryň operatory

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok