Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň güýç-kuwwaty we geljegi onuň ýetişdiren kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Bilim islendik jemgyýetiň we halkyň ösüşiniň, onuň medeni hem-de ykdysady kuwwatynyň sarsmaz sütünidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem ýaş nesilleriň döwrebap ylymlary we tehnologiýalary bökdençsiz özleşdirmekleri döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki bilim arkaly beýik geljek gurulýar we ýaşlarymyza açylýan giň ýollar nurana ertirlerimiziň hakyky kepilidir.
Biz, mugallymlar hökmünde, bilim ojaklaryna gadam basan pursadymyzdan başlap, talyplaryň hem-de okuwçylaryň ýokary derejede ylym almagyny gazanmagy mukaddes borç hasaplaýarys. Şu maksat bilen, bilim ojaklarynda ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden yza galmazlygy üçin döwrebap internet merkezleri we multimedia enjamlary döredilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň sanly bilimiň iň täze serişdeleri arkaly pugtalandyrylmagy, ýaşlaryň nazary bilimlerini amaly endikler bilen utgaşdyrmaklaryna hem-de dünýä ylmyna goşulmaklaryna giň mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap hünärleri ele almaklary, täze ylmy taglymatlary özleşdirmekleri hem-de innowasion barlaglary geçirmekleri üçin ähli amatly şertler bar. Mugallymçylyk usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we halkara öňdebaryjy tejribeleriň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ýokary ylymly we hakyky watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär.
Biz — bilim işgärleri, mugallymlar ýaş nesillere döwrebap ylym-bilim öwretmäge, olaryň ylym-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge we yhlasly zähmet çekmäge ähli amatly şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys!
Çynar ARAZGELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler