Halkyň medeniýetiniň, aň-bilim derejesiniň hem-de umumy ösüşiniň derejesi hemişe onuň ylma we bilime goýýan sarpasy bilen ölçenilýär. Bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň berk binýadydyr. Häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesiniň aýdyň görkezişi ýaly, ykdysady we medeni ösüş gönüden-göni intellektual baýlyga, ýagny bilime bagly bolup durýar. Çünki bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, öňde goýan belent maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgam toplumlaýyn kämilleşdirilýär. Şonuň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýmek bilen, innowasiýalaryň, häzirki zaman ylymlarynyň, nanotehnologiýalaryň we sanly ulgamyň adamzat jemgyýetini ynamly öňe alyp barýandygyny aýratyn belleýär. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň tehnologik ösüşlerden yza galmazlygy üçin bilim edaralarynda ýörite internet merkezleri döredilýär hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýady sanly bilimiň serişdeleri arkaly yzygiderli pugtalandyrylýar. Bu günki gün dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde sanly ulgama geçmek işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmekleri, sanly tehnologiýalary bökdençsiz özleşdirmekleri üçin ähli amatly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglarydyr tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň okamagyna hem-de zerur hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge we ylymly-bilimli bolmaga, yhlasly zähmet çekmäge hemme amatly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Altyngül AŞYRGELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler