Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz hemmetaraplaýyn ösüşleriň we özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şu wezipeleriň arasynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Milli bilim ulgamyny halkara derejelere laýyklykda kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek uly üstünliklere beslenýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklar yzygiderli we netijeli ösdürilýär. Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaşlarymyza dünýä derejesinde taýýarlyk we tejribe almaga giň mümkinçilikler açýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur uniwersitetleri bilen gönümel hyzmatdaşlyk barada şertnamalara we ylalaşyklara gol çekişmegi dowam edýärler, bu bolsa teoretik we amaly tejribe alyşmaga degişli şertleri döredýär.

Aýratyn hem, saýlap alnan ugurlar boýunça daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklarynda türkmen talyplarynyň bilim almagynyň we ylmy işler bilen meşgul bolmagynyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiz üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri ýetişdirmäge ýardam edýär. Okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak, inženerlik, tehnologiýa, dolandyryş we iňlis dili ýa-da beýleki daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi bu ugurdaky strategiýanyň netijeli ädimleridir. Şonuň bilen bir hatarda, ylmy maslahatlar, bäsleşikler we sanly bilim giňişligindäki webinarlar hem tejribe alyşmagy täze sepgitlere çykarýar.

Döwletara bilim hyzmatdaşlygy diňe bir talyp alyşmagy däl, eýsem mugallymlaryň, professor-mugallymlar düzüminiň hem hünär kämilligini ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar, interaktiw tagtalar we laboratoriýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrdy. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ylym we bilim ulgamynyň iň döwrebap derejede ösýändigini subut edýär.

Ýaş nesliň kämil, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys!

Ogulbagt AGAMYRADOWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok