2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen bitaraplyk baradaky Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata döwlet edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.
R.Meredow öz çykyşynda täze Kararnamanyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara derejesinde giň goldawa eýedigini görkezýändigini nygtady. Şeýle hem ol resminamada öz beýanyny tapan birnäçe möhüm başlangyçlar, şol sanda Türkmenistanda parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek, BMG-niň çäklerinde Araçylyk edarasyny döretmek hem-de bitaraplyk ýörelgeleri boýunça gollanma taýýarlamak baradaky teklipler barada durup geçdi.
Mundan başga-da, Kararnamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öz beýanyny tapdy. Bu strategiýa halkara gatnaşyklarynda dialogy, araçylygy, özara hormaty we jedelleriň parahatçylykly çözülmegini öňe sürmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny geljekde hem işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Göwher TAHYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler