Mary welaýatynda ownuk şahly mallaryň sany artýar

Mary welaýatynda ownuk şahly mallaryň sany ep-esli ýokarlanyp, şu ýylyň 1-nji apreline çenli 5,9 million başdan geçdi. Resmi maglumatlara görä, olaryň 726 müň başy oba hojalyk birleşiklerine degişli bolsa, 5 million 226 müň başy hususy hojalyklarda ösdürilýär. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berdi.

Murgap jülgesinde owlak-guzy almak möwsümi mart aýynyň başynda başlanyp, ilkinji bolup Tagtabazar hem-de Türkmengala etraplarynda alnyp baryldy. Maldarlaryň öňünden, ýagny oktýabr aýynyň ahyryna çenli mallar üçin zerur ot-iýmleri taýýar edip goýmagy, gyş döwründe mallary kynçylyksyz saklamaga mümkinçilik berdi.

Mary welaýaty häzirki wagtda hem ýurduň iri maldarçylyk merkezleriniň biri bolup galýar. Ýurduň boýunça ownuk şahly mallaryň umumy sanynyň takmynan üçden bir bölegi hut şu welaýatyň paýyna düşýär. Iň köp mal sany Tagtabazar etrabynda jemlenip, Murgap jülgesindäki umumy süriniň dörtden bir bölegine golaýyny düzýär.

Şeýle hem, geçen ýylyň maý aýynyň başynda Türkmenistanda ownuk şahly mallaryň umumy sany 6,4 million başa ýetendigi hasaba alyndy.

Umarbek JUMANIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok