Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamy durnukly ösüşiň esasyny düzýän iň ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsinde ylmy-tehniki ösüşiň depgini jemgyýetiň hemmetaraplaýyn kämilleşmegini talap edýär, bu bolsa öz gezeginde bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä göterilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaş nesliň döwrebap ylymlary özleşdirmegine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine we dünýäniň öňdebaryjy bilim tejribelerinden peýdalanmagyna gönükdirilendir.
Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan sanlylaşdyrma işleri okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň has-da berkemegine ýardam berýär. Türkmenistanyň bilim edaralarynda iň döwrebap tehnologiýalaryň, interaktiw usullaryň we sanly bilim serişdeleriniň ornaşdyrylmagy okatmagyň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagyna hem giň mümkinçilikleri açýar. Bilim — bu diňe bir maglumatlar toplumy däl-de, eýsem döwrüň kynçylyklaryna bäsleşige ukyply jogap berip biljek kämil şahsyýeti kemala getirmegiň serişdesidir.
Häzirki wagtda ylym we bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi hem barha giňeýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň abraýly ylym merkezleri bilen tejribe alşyp, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşjak täze açyşlary etmegine itergi berýär. Kämil bilimli nesil — döwletiň kuwwaty, halkyň nurana geljegidir.
Milli bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda edilýän tagallalar özüniň oňyn miwelerini berýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän täze, döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri bilim almak üçin döredilýän şertleriň aýdyň subutnamasydyr. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde, ýaş hünärmenler islendik ugurda öz bilimlerini kämilleşdirip, jemgyýetiň ähli ugurlarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Biz ýaşlara döwrebap bilim almak, ylym dünýäsine aralaşmak we öz hünärimizde kämilleşmek üçin döredip berýän ähli şertleri we giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!
Maral JUMAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler