Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hepde boýunça her kafedranyň hepdelikleri yzygider nobatma-nobat geçirilip gelinýär. Hepdeligiň çäginde konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklar yzygider geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-na “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy B. B. Ýakubowanyň gurnamagynda we alyp barmagynda “Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde” atly talyplaryň III ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary, ýaş sazşynaslary işjeň gatnaşdylar. Ýaş sazşynaslar özleriniň prezentasiýaly, gyzykly toplan maglumatlary bilen çykyş etdiler.
Giriş sözünden soň “Türkmen saz folkloryny öwrenijiler we olaryň ylmy işleri” temasy boýunça konserwatoriýanyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýagmyrowa Arzygül çykyşyny dowam etdi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler: Ýangyýewa Altyn “Özbegistanyň tans mekdepleri”, Nuryýewa Aýnur “Ispaniýanyň durmuşy folklory”, Mämmetdurdyýewa Orazjahan “Hindistanyň nusgawy tanslarynyň görnüşleri”, Döwletowa Gülkamar “Arap ýurtlarynyň halk aýdymlarynyň taryhy kökleri”, Aşyrowa Arzuw “Hindistanyň toý däplerinde milli aýdym-sazlaryň orny”, Garaýew Baýram “Buhara mukamlary”, Annaýew Şatlyk “Gruziýanyň gadymy saz däpleri”.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda ähli çykyş eden talyplara, tomaşa edenlere sag bolsun aýdylyp, öz saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Şeýle ajaýyp konsertleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, ylmy-amaly maslahatlaryň yzygider geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmakda uly itergi berýär.
Ogulnur NAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler