“Umumy fortepiano” kafedrasynyň hepdeligi

“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Umumy fortepiano” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda okuw-usuly maslahat, halypa kompozitorlaryň ýubileýlerine bagyşlanan leksiýa-konsert we ýaş zehinli talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu hepdelik diňe bir saz sesleriniň däl, eýsem ylmy gözlegleriň we usulyýet kämilleşmeginiň hem dabaralanan pursady boldy.

“Umumy fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy O.Myradowanyň ýolbaşçylygynda “Fortepiano ansambllaryň we sazandarlyk etmeginiň umumy fortepiano bölüminde ýerine ýetirmegiň usulyýeti” atly okuw-usuly maslahat bilen hepdelik başlandy. Maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Umumy fortepiano” kafedrasynyň halypa mugallymlary bilen bir hatarda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň, mugallymlary hem çykyş etdiler. Onda fortepiano ansambllarynyň we sazandarlyk etmeginiň usulyýetiniň döwrebap meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hepdeligiň ikinji güninde “B.Hudaýnazarow we Ç.Nurymowyň döredijilik ýoly” atly leksiýa-konserti geçirildi. Konsertde halypa kompozitorlaryň döredijilik ýoly bilen bagly gyzykly maglumatlar gürrüň berdiler. Leksiýa-konsertde kompozitorlaryň belli eserleri ýaňlandy. Bu leksiýa-konsertler talyplarda uly täsir galdyrdy.

Üçünji güni geçirilen “Türkmen sazynyň altyn hazynalary: R.Allaýarow, W.Muhatow, D.Öwezow ýaly beýik halypalaryň ýubileý konserti” hepdeligiň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. Halypa kompozitorlara bagyşlanan bu konsertde mugallymlar olar barada öz ýatlamalaryny we göwün sözlerini beýan erdiler. Konsertiň dowamynda diňe leksiýalar däl, eýsem, kompozitorlaryň ajaýyp eserleri ýaňlandy. R.Allaýarow, W.Muhatow we D.Öwezow ýaly türkmen saz sungatynyň düýbüni tutan beýik halypalaryň ýubileýlerine bagyşlanan bu çäre, ýaş nesliň milli mirasymyza bolan sarpasyny has-da berkitdi.

Hepdeligiň esasy bölegini talyplaryň arasynda geçirilen iki tapgyrly bäsleşik emele getirdi. Bäsleşikde talyp ýaşlar diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl eýsem, daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini hem ýerine ýetirdiler. Olar özleriniň ýerine ýetirijilik ukyplaryny we fortepiano guralynda çalmagyň inçe tärlerini görkezdiler.

Jemleýji konsertde “Umumy fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde ýeňiji talyplary sylaglamak dabarysy geçirildi. Bäsleşikde: Nuryýewa Nurana, Guseýinhanowa Mähriban, Dänäýew Goşly I orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara hormat haty we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak dabarasyndan soňra ýeňiji talyplaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Bu hepdelik ýaş zehinli talyplaryň hünär derejesini ösdürmekde we olary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Ogulgözel NIMETOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň
3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok