2026-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly çäräniň jemleýji tapgyrynda TDYDI-niň talyplary Hojanepesow Sapa we Şamuradow Kamil bilelikde taýýarlan “Agro Sesame (künji önümleri)” taslamasy bilen 3-nji orna mynasyp boldular.
Bu taslama oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we künji önümleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksadyny görkezýär. Olar oba hojalyk önümleriniň innowasion önümçilik tehnologiýalary bilen amala aşyrylmagyny üpjün edip, eminleriň ýokary baha mynasyp boldy.
Bäsleşikde ýeňijilere pul baýraklary, sertifikatlar we minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Hojanepesow Sapa we Şamuradow Kamil bilelikde işläp, oba hojalyk pudagynda innowasion pikirlenişiň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm goşant goşdylar.
Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:
Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.
Teswirler