2026-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen “Ykdysady innowasiýa taslamalarynyň Startup bäsleşigi” atly çäräniň jemleýji tapgyrynda TDYDI-niň talyplary Bagşiýew Wepa hem-de Amanow Daýanç ýokary netije görkezdi.
Bagşiýew Wepa hem-de Amanow Daýanç bäsleşikde oba hojalyk önümçiliginde täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny görkezmek üçin “Akwaponika ýyladyşhanasy: gidroponika we akwakultura” taslamasyny hödürledi. Bu taslama gidroponika we akwakultura ulgamlaryny birleşdirip, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak we öndürijiligi ýokarlandyrmak maksadyny gözetýär.
Taslama eminler tarapyndan innowasion, amaly durmuşa geçirilip bilinýänligi we ykdysady peýdalary boýunça ýokary baha mynasyp boldy. Bu üstünlik Bagşiýew Wepanyň hem-de Amanow Daýanjyň geljekde oba hojalyk we innowasion tehnologiýalary birleşdiren taslamalarda öňe çykmagyna ýol açýar.
Jemleýji tapgyra gatnaşan ýeňijileriň sanawy:
Rejepow Täçmyrat, Annaglyjow Eziz, Bagşiýew Wepa, Amanow Daýanç, Merdanowa Gunça, Hojanepesow Sapa, Şamuradow Kamil, Ýoldaşowa Rozygül, Hudaýbergenow Süleýman, Agaýewa Mähri, Şöhradow Yhlas, Halbaýew Begenç, Jumagulyýew Aşyr, Hudaýberdiýewa Selbi, Bäşimowa Jemal, Diwanow Nurmyrat, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri, Gazakowa Baýramtäç, Rozymyradow Mekan.
Teswirler