Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 25-nji martynda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ministr ýokary derejeli dialogda çykyş edip, Türkmenistanda irki çagalyk biliminiň adam kapitalyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, çagalaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine we mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda 2026–2027-nji okuw ýylyndan bäş ýaşly çagalar üçin mekdebe taýýarlyk boýunça synag maksatnamasynyň işe giriziljekdigi habar berildi. Şeýle-de inklýuziw bilimi ösdürmek we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi aýratyn bellenildi.

Saparyň dowamynda ministr Halid al-Anani bilen duşuşyp, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, UNITWIN maksatnamasyna gatnaşmak we bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berdiler.

Şeýle hem Stefaniýa Jannini bilen geçirilen duşuşykda sanly bilim, ömürboýy okatmak we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Özbegistanyň bilim ministri Ezozhon Karimowa bilen duşuşyk geçirilip, mekdebe çenli we orta bilim, pedagogik tejribe alyşmak hem-de halkara olimpiadalarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň netijesinde taraplar bilim, ylym we innowasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Bakyguly ORAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok