Häzirki döwürde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar diňe bir önümçiligi giňeltmegiň däl, eýsem täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, iş orunlaryny döretmegiň we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär.
Soňky maglumatlar hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelidigini görkezýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa goýumlarynyň möçberi 12,8 milliard ABŞ dollaryndan geçip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forumynyň dowamynda belläp geçdi. Bu görkeziji ykdysady ösüşiň durnukly häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlar önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyna, infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem-de hyzmatlar ulgamynyň kämilleşdirilmegine giň ýol açýar. Hususan-da, senagat, energetika, ulag-logistika we oba hojalygy ýaly ugurlara goýulýan serişdeler ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýär we içerki bazaryň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we öňdebaryjy tejribeleriň özleşdirilmegine ýardam edýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine, eksport kuwwatynyň
Abdykerim KAIPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler