2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
DÜZGÜNNAMA
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere ýetýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Bu sözler ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlara bildirilen uly ynamyň beýanydyr.
Ýaşlaryň ukyplaryny açmak, döredijilik zehinlerini ösdürmek, dünýä dillerini öwrenmek, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözleri ýokary kämillige ruhlandyrýar. Şeýle mümkinçilikleriň biri hökmünde geçirilýän bu bäsleşigiň maksady ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, dünýä halklaryny edebi terjimeler arkaly ýakynlaşdyrmak we zehinli ýaş terjimeçileri ýüze çykarmakdyr.
Bäsleşigiň şertleri:
— Ýaş terjimeçiler dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poemalaryndan ýa-da goşgularyndan bir parçany (iň az 5 sahypa) türkmen diline terjime edip, 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
— Terjime edilýän eserleriň mazmuny türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmelidir.
— Öň terjime edilip metbugatda ýa-da kitap görnüşinde neşir edilen eserler kabul edilmeýär.
— Terjimäniň dogrulygyny takyklamak üçin asyl nusgasynyň elektron görnüşiniň bolmagy zerurdyr.
— Işler «Köňülleri birleşdirýän sungat» diýen ýazgy bilen, şeýle hem gatnaşýan şahsyýetiň maglumatlary (maglumatnama, pasport nusgasy, 3×4 fotosurat, ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) bilen bilelikde «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň «kbsungat2026@gmail.com» elektron salgysyna iberilmelidir.
— Eminler topary iň gowy işleri saýlap-seçerler. Tapawutly terjimeler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
— Bäsleşigiň netijeleri 2026-njy ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Habarlaşmak üçin:
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy: 39-96-19;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99.
Teswirler