Türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän baý medeni mirasynyň möhüm bölekleriniň biri hem türkmen bedewleridir. Bedew atlar diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem halkymyzyň ruhy dünýäsi, milli däp-dessurlary we taryhy bilen berk baglanyşykly gymmatlyk hökmünde tanalýar. Ahalteke atlary dünýä ýüzünde gözelligi, çydamlylygy hem-de ýyndamlygy bilen aýratyn meşhurdyr.
Taryhy maglumatlara görä, türkmen bedewleriniň kökleri müňlerçe ýyl mundan ozalky döwürlere çenli baryp ýetýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler bedewlere aýratyn sarpa goýup, olary ýokary derejede ösdürip ýetişdiripdirler. Bedew atlar diňe bir söweş meýdanlarynda däl, eýsem uzak aralyklary geçmekde hem ynamdar ýoldaş hökmünde hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň ähmiýeti örän uly bolupdyr.
Ahalteke atlary dünýäde iň gadymy we arassa tohum atlaryň biri hasaplanylýar. Olaryň beden gurluşy ýeňil, uzyn boýly hem-de owadan görnüşlidir. Bedewleriň derisi inçe bolup, olaryň ýüzi aýratyn şöhle saçýan ýaly görünýär. Şeýle aýratynlyklar ahalteke atlaryny dünýäniň beýleki at tohumlaryndan tapawutlandyrýar. Mundan başga-da, olaryň çydamlylygy hem örän ýokarydyr. Bedewler uzak aralyklary tiz wagtda geçip bilmek ukyby bilen tanalýar.
Türkmen bedewleri diňe bir tebigy aýratynlyklary bilen däl, eýsem halkymyzyň medeniýetinde eýeleýän orny bilen hem ähmiýetlidir. Halk döredijiliginde, dessanlarda we rowaýatlarda bedewler köplenç batyrlygyň, wepalylygyň we azatlyga bolan söýginiň nyşany hökmünde görkezilýär. Türkmen halkynyň «At – myrat» diýen pähimi hem bedewleriň jemgyýetdäki ornuny açyk görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bedew atlaryny gorap saklamak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa tohumyny saklamak we dünýä derejesinde wagyz etmek döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilýär.
Jangeldi ROZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler