HNGU-da emeli aň we wirtual aktiwler boýunça açyk sapak geçirildi

HNGU-da “Sanly geljek: emeli aň, wirtual aktiwler we startap mümkinçilikleri” atly açyk sapak geçirildi. Bu duşuşyk ýaşlaryň sanly tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, häzirki zaman IT ösüşleri we täze mümkinçilikler barada maglumat bermek maksady bilen guraldy.

Açyk sapakda çykyş eden Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy, “Döwletli nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory Haknazar Haljanow häzirki döwürde dünýäde giňden ösdürilýän sanly tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri we olaryň dürli pudaklarda ulanylmagy barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem ol sanly sowatlylygyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini nygtap, ýaşlaryň täze tehnologiýalary öwrenmekde we innowasion pikirleri durmuşa geçirmekde işjeň bolmagynyň wajypdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda wirtual aktiwleriň ykdysadyýetdäki orny, IT ulgamynyň ösüş ugurlary hem-de startap taslamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada hem giňişleýin maglumat berildi. Çykyşda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin döredilýän mümkinçilikler we häzirki zaman sanly gurşawynyň hödürleýän şertleri barada aýratyn durup geçildi.

Açyk sapak talyp ýaşlaryň arasynda gyzgalaňly pikir alyşmalar bilen dowam edip, gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip, degişli maslahatlary aldylar. Şeýle duşuşyklaryň ýaşlaryň bilimini giňeltmäge, olaryň döredijilikli we innowasion pikirlerini ösdürmäge ýardam berýändigi nygtaldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Halkara nebit gaz uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok