2026-njy ýylyň 25–26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirildi.
Iki gün dowam etjek bu sebitleýin maslahatyň işi 8 bölümde dowam eder we olarda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) orny we wezipleri, Pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak, Fiskal syýasaty – näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek, Diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşi ýaly we başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli soraglar ara alnyp maslahatlaşylar.
Sebitleýin maslahata Türkmen tarapyndan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri Ruslan Jumaýew gatnaşdylar.
Türkmen wekilleri çykyşlarynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini hem-de salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler. Şeýle-de alnyp barylýan ykdysady syýasatyň ylmy barlaglara esaslanýandygy nygtaldy. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň makro ykdysady görkezijileri ösüşiň depginli dowam edýändigini tassyklaýar.
Sylapberdi ATABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň talyby.
Teswirler