Paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilik duşuşygy guraldy. Bu çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan geçirilip, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy hem-de Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki goldawy bilen amala aşyryldy. Duşuşyga gelin-gyzlaryň kyrka golaýy gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini ösdürmekde zenanlaryň möhüm ornuny nygtadylar. Şeýle hem duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagy onuň mazmunyny has baýlaşdyrdy.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna uly ähmiýet berilýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, zenan bilen tebigat durmuşyň we gözelligiň bitewi çeşmesi bolup, ýaş nesillerde tebigata aýawly garaýyş döretmek guramanyň esasy maksatlarynyň biridir.
Duşuşygyň dowamynda BMGÖM-niň hünärmenleri hem-de ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalar hem-de degişli taslamalar barada tejribe alyşdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bu döredijilik duşuşygy ýaş gelin-gyzlaryň ekologiýa başlangyçlaryny goldamakda we özara tejribe alyşmakda netijeli meýdança boldy.
Aýläle KÖMEKOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň
1-nji ýyl talyby.
Teswirler