Halkara zenanlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky saýlawlarda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.
Eminler toparynyň biragyzdan kabul eden netijesine laýyklykda, Baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Baýramowa Aýjan Esengulyýewna mynasyp boldy.
Bäsleşikde I orny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Meläýewa Güljeren Azadowna eýeledi.
II orun Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kakaýewa Aýgül Ahmedowna hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Töräýewa Merjen Öwezmyradowna berildi.
III orna bolsa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Orazmämmedowa Amansoltan Ýusupowna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Muhammedowa Aýlar Döwletowna hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gylyçdurdyýewa Läle Nurlyýewna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine degişli diplomlar we baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Teswirler