Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan özüniň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli taryhy özgertmeleriň, uly göwrümli taslamalaryň we halkara ähmiýetli başlangyçlaryň özeninde, ilkinji nobatda, ylym we bilim durýar.
Bilim ulgamy – bu jemgyýetiň dowamatlylygyny we nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän esasy guraldyr. Türkmenistanda bilim syýasaty diňe bir sowatly nesli däl, eýsem dünýä ylmyna goşulmaga ukyply, innowasion pikirlenip bilýän we döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň her bir künjeginde gurlup ulanmaga berilýän, iň soňky tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepler, ýokary okuw jaýlary we çagalar baglary bu ugurdaky uly işleriň aýdyň subutnamasydyr. Esasanam, sanly bilim ulgamyna geçilmegi ýaşlarymyzyň dünýäniň islendik nokadyndaky täze maglumatlara çalt elýeterliligini üpjün edýär, bu bolsa bilim bermegiň hilini halkara standartlara laýyk getirýär.
Ylym we bilim biziň milli baýlygymyzdyr. Ýaşlarymyzyň daşary dilleri çuňňur öwrenmegi, halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolmagy we ylmy taslamalary hödürlemegi ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy we Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagy göni ylmyň ösmegine baglydyr. «Ylym – ömürleriň çyrasydyr» diýlişi ýaly, biz hem şol çyranyň nury bilen täze-täze belentlikleri eýelemelidiris. Şonda biziň amala aşyrýan her bir işimiz beýik bolar we taryhda öçmejek yz galdyrar.
Şeýle ajaýyp zamanada türkmen ylmyna we bilimine ganat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Madina AHMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler