Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ynamly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap barýar. Bu ösüşleriň we uly göwrümli özgertmeleriň özeninde bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim durýar. «Beýik işler bilime daýanýar» – diýen pähimli jümle şu günüň hakykatyna öwrülip, ýurdumyzyň her bir pudagynda, ykdysadyýetimiziň ösüş badynda öz beýanyny tapýar. Islendik döwletiň kuwwaty we geljegi onuň ýaş nesline berýän terbiýesi hem-de bilim derejesi bilen ölçelýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, orta mekdepler we ýokary okuw jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Okuw prosesine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim bermegiň hilini täze derejä çykaryp, ýaşlaryň global ylym giňişligine goşulmagyna ýol açýar.
Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi görkezişi ýaly, ylma esaslanmadyk ykdysadyýetiň we jemgyýetiň geljegi ýokdur. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan amala aşyrylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň senagat, oba hojalygy we energetika pudaklarynyň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir. Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde ýerli çig mallardan bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenmek we alternatiw energiýa çeşmelerini özleşdirmek ýaly meseleler alymlarymyzyň üns merkezinde durýar. Beýik binalaryň, uly göwrümli kärhanalaryň we Arkadag şäheri ýaly «akylly» şäherleriň gurluşygy hut ylmyň gazananlaryna esaslanýar.
Ýaşlaryň ylma we bilime bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilýän ders bäsleşikleri, ylmy taslamalar we döredijilik bäsleşikleri zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Berkarar döwletimizde ylymly-bilimli, giň gözýetimli, watansöýüji nesli kemala getirmek biziň baş maksadymyzdyr. Netije hökmünde aýdanymyzda, Türkmenistanda amala aşyrylýan her bir beýik iş, gurlan her bir döwrebap desga we gazanylýan her bir üstünlik ylmyň we bilimiň miwesidir. Sebäbi bilim bar ýerinde ösüş bar, ylym bar ýerinde bolsa rowaçlyk we beýik geljek bar. Şonuň üçin hem ylym-bilim ýoly bilen öňe gitmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ýurdumyzy ylym-bilim arkaly ösüşleriň täze belentliklerine ynamly alyp barýan, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, türkmen ylmyny we bilimine ganat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Isa ANNASÄHEDOW,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler