Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetinde “Prezentasiýa başarnyklary” atly açyk sapak geçirildi. Çärä talyp ýaşlar, mugallymlar hem-de dürli ugurlarda bilim alýan ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Açyk sapakda RUPTA Consulting kompaniýasynyň wekili Öwez Gandymow çykyş edip, prezentasiýa taýýarlamagyň we ony täsirli görnüşde hödürlemegiň esasy ýörelgeleri barada giňişleýin maglumat berdi. Çykyşda pikirleri ynamly beýan etmek, diňleýjiler bilen täsirli aragatnaşyk gurmak, beden dilini dogry ulanmak hem-de çykyş wagtynda tolgunmany ýeňip geçmegiň usullary barada amaly maslahatlar paýlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bilen interaktiw pikir alyşmalar alnyp baryldy, sorag-jogap arkaly ýaşlaryň gyzyklanmalaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem üstünlikli prezentasiýanyň gurluşy, wizual serişdeleri netijeli peýdalanmak we professional çykyş medeniýeti barada mysallar arkaly düşündiriş berildi.
Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy.
Açyk sapak ýaşlaryň şahsy ösüşine, çykyş medeniýetini kämilleşdirmäge hem-de geljekki hünär ýolunda zerur bolan kommunikasiýa başarnyklaryny ösdürmäge möhüm goşant boldy.
Teswirler