Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasynda ýylyň şygary mynasybetli çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Çärä Täjigistanyň daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýaşlar we sport baradaky komitetiň wekilleri, atçylyk boýunça hünärmenler, türkmen diasporasynyň agzalary, talyplar, ziyalylar hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda 2026-njy ýylyň ýokarda agzalan şygar astynda geçirilmeginiň ähmiýeti nygtalyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň gymmaty aýratyn bellenildi. Şeýle-de ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasynyň bir bölegi bolup, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada aýdyldy. “Galkynyş” milli atçylyk toparynyň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň ahalteke atçylyk sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydygy bellenildi.

Şeýle hem myhmanlara 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berildi. Çäräniň çäklerinde Ilçihananyň binasynda surat sergisi we kitap sergisi guraldy. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Didar GURBANGELDIÝEW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok