Daşkentde ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Daşkent şäherinde, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berildi.

Dabara Özbegistan Respublikasynyň Ýokary Mejlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň deputaty, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, daşary ýurt türkmen jemgyýetiniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow çykyşynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamydygyny aýtdy. Şeýle-de täze şygaryň türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklaryna ygrarlylygyny hem-de häzirki zaman dünýä ösüşleri bilen sazlaşygyny beýan edýändigi nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara hukugynyň kadalaryna we hukugyň hökmürowanlygyna ygrarlylygyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby giňişleýin tanyşdyryldy. Neşirde bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslary, onuň sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekdäki orny, şeýle-de Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekdäki goşandy beýan edilýändigi nygtaldy.

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Ýagmyr MYRADALYÝEW,

Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok