Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20 – 21-nji aprelde onlaýn görnüşde «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigini geçirýär.
IT-bäsleşigine gatnaşmaga Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.
Hakaton bäsleşigi şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Her okuw mekdebinden üç talypdan ybarat bolan bir topar gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň gatnaşyjylary üçin barlagnama ýumuşlary taýýarlanyp, olary çözmek üçin 60 minut wagt berler.
Barlagnamanyň netijeleri boýunça eminler topary baş baýragyň eýesini kesgitlär. Şeýle hem iň oňat netije görkezen gatnaşyjylara iki sany I orun, dört sany II orun we bäş sany III orun berler. Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 6-njy aprele çenli bellenilen nusga boýunça sowalnamany dolduryp, sedahojayev06@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyrlar. Hakaton bäsleşigi baradaky goşmaça maglumatlary institutyň saýtyndan, şeýle hem +99362665547 telefon belgisi arkaly alyp bolar.
Hakaton bäsleşigi talyplaryň döredijilik we innowasion ukyplaryny, analitiki pikirlenmesini, zehinlerini hem-de ukyplaryny ösdürmek, saýlap alan hünärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, şeýle hem ýaşlaryň IT-başarnyklaryny we toparda işlemek ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.
Teswirler