«Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde yglan edýän «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady

Bäsleşigiň esasy maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik aýratynlygyny, gözellik babatdaky kämilligini, ekologik abadançylygyny, bagtyýar ýaşamak üçin döredilen şertleri, ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň mähriban paýtagtymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýäniň gowy eserleri ýüze çykarmakdan ybarat.

Bäsleşigiň şertleri:

«Ak şäherim Aşgabat» bäsleşigine paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşige owal başga neşirlerde çap edilmedik goşgulardyr makalalar kabul edilýär. Makalanyň möçberi 3 kagyzdan uly bolmaly däldir. Hödürlenen eserlerde ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligi, ajaýyp şähergurluşyk-binagärlik keşbi, gazanan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri we olaryň ähmiýeti çeper beýan edilmelidir.

Bäsleşigiň jemleri:

«Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen hödürlenýän eserler şu ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilýär. Ýörite döredilen eminler toparynyň tarapyndan saýlanyp alnan kämil makalalar hem-de goşgular «Aşgabat» gazetinde çap ediler.

Bäsleşik Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda — maý aýynyň ikinji ongünlüginde jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgat gowşurylar.

Habarlaşmak üçin «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: 39-95-31, 39-96-24.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok