Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Bedew batly ösüşler» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary wagyz etmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunyny ýaş nesillere düşündirmek, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini giňişleýin beýan etmek esasy ugurlar bolup durýar.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan bedew batly ösüşler, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde durmuşa geçirilýän işler makalalarda we goşgularda beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde mukaddes Garaşsyzlygymyz, eziz Watanymyz wasp edilmelidir, milli ýörelgelerimiz bolan gymmatlyklarymyz beýan edilmelidir. Şonuň ýaly-da, pähimdar pederlerimiziň terbiýe mekdebini, milli gymmatlyklarymyzy, behişdi bedewlerimizi wasp etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar we bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik iki ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän işler kagyz görnüşinde hem-de elektron göterijide tabşyrylmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijilik işini 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna gowşurmalydyr.
Bäsleşige hödürlenilen işler ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň maý aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55;
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy: 39-96-40;
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň elektron poçtasy:
mugallymlar-gazeti@sanly.tm
Teswirler