Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar–dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berdi.
Hasabat döwründe, ýagny 2025-nji ýylyň dekabr aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 879 million 911 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Umumy söwda dolanyşygynyň esasy bölegi Türkmenistanyň eksportyna degişli boldy. Ýylyň dowamynda Türkmenistandan Hytaýa 8 milliard 446 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde önüm eksport edildi. Şol bir wagtda Hytaýdan Türkmenistana import edilen harytlaryň möçberi 1 milliard 599 million ABŞ dollaryna golaý boldy.
Türkmenistanyň Hytaýa iberýän önümleriniň esasy bölegini tebigy gaz düzýär. 2025-nji ýylda Hytaý Türkmenistandan umumy bahasy 8,41 milliard ABŞ dollaryna deň bolan tebigy gazy satyn aldy.
Şeýle hem bu barada Biznes Türkmenistan web-saýtynda okap bilersiňiz.
Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler