Moskwada «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň çäginde 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berdi.

Geňeşmelere gatnaşan türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Ilçisi E.Aýdogdyýew çykyşynda 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň wajyplygyny belledi.

Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan durnuklylygy, özara ynamy hem-de deňhukukly we bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriň goldanylýandygy nygtaldy. Bu garaýyşlarda gatnaşyjy döwletleriň milli bähbitleriniň hasaba alynmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitiniň jemleýji netijelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu işleriň ugurdaş ministrlikleriň we degişli döwlet edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek arkaly amala aşyrylmagynyň mümkindigi aýratyn bellenildi.

Ataş GANDYMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok