2026-njy ýyl — üstünliklere badalga

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň taryhynda möhüm döwre gadam basylýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýyl döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen utgaşyp, milli ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrýan syýasy, ykdysady hem-de ruhy mazmuny özünde jemleýär.

Ýylyň şygary diňe bir poetik manyda däl, eýsem çuňňur filosofiýada halkymyzyň dünýä garaýşyny, milli häsiýetini we ösüşe bolan ymtylyşyny beýan edýär. «Bedew batly at-myradyň mekany» düşünjesi türkmen halkynyň taryhynda ata aýratyn orun berilýändigini görkezmek bilen çäklenmän, öňde goýlan maksatlara batly gadamlar bilen ýetmek baradaky milli ýörelgäni hem aňladýar. At türkmen üçin diňe bir ulag ýa-da baýlyk däl, ol erkinligiň, ynamyň we ygrarlylygyň nyşanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk sungatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi tötänleýin däldir. Ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň artmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi, ylmy-barlag işleriniň güýçlendirilmegi ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işjeňligi, Arkadag şäherinde döredilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň mümkinçilikleri bu ugurdaky toplumlaýyn çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.

2026-njy ýylyň şygary ykdysady ösüş bilen ruhy gymmatlyklaryň bitewüligini hem nygtaýar. Bedew batly ösüş düşünjesi häzirki döwürde diňe bir atçylyk ulgamyna däl, eýsem ähli pudaklara degişli bolup, ýokary depginli ykdysady ösüşi, innowasiýalara daýanýan ösüş modelini alamatlandyrýar. Sanly ykdysadyýet, ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlarda alnyp barylýan işler bu filosofiýanyň amaly beýanydyr.

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň şygary Garaşsyzlygyň mizemezligini, Bitaraplygyň bakylygyny we milli ruhuň güýjüni bitewi görnüşde jemleýär. Ol halkymyzy geçmişiň şöhratly mirasyna daýanmak bilen geljegi batly ädimler bilen gurmaga ruhlandyrýan ösüş ýol kartasydyr.

Mähri MEREDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok